Turkmenportal logo
Düýn 21:53
57095709
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-inde daşary ýurtlaryň raýatlaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady we halkara guramalarynyň wekillerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Ýokary döwlet sylaglaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan mynasyp boldular.

Ministr dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň anyk we maksatnamalaýyn diplomatik tagallalarynyň netijesinde halkara derejesinde giňden ykrar edilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny bütin dünýäde goldamakda daşary ýurt raýatlarynyň hem uly goşandynyň bardygy aýratyn bellenildi.