Türkmenistanyň Ýokary ligasy Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy tarapyndan düzülen dünýäniň 2025-nji ýyldaky iň güýçli 100 çempionatynyň hataryna girdi.
Reýtinge laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary ligasy 2024-nji ýyldaky netijesini 21 basgançak gowlandyryp, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça 77-nji orny eýeledi. Munuň özi Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasyna (MAFA) agza ýurtlaryň arasynda ikinji görkezijidir. Reýtingde agzalan sebitleýin gurama agza ýurtlardan diňe Eýranyň çempionaty Türkmenistanda ýokarda ýerleşipdir. Has takygy, Eýranyň çempionaty bu sanawda 62-nji orny eýeläpdir. Şeýle-de dünýäniň iň güýçli 100 çempionatynyň arasynda Özbegistanyň Superligasy 93-nji basgançakdan orun alypdyr.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň bu reýtingde uly öňegidişlik gazanmagy 2025-nji ýylyň dowamynda türkmen toparlarynyň, hususan-da, «Arkadag» futbol klubunyň yklym derejeki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi bilen baglydyr.
Reýtingde birinji ýer Angliýanyň premýer-ligasyna berlipdir. Şeýle-de ilkinji üçlükde Ispaniýanyň we Braziliýanyň çempionatlary bar.