Turkmenportal logo
Düýn 16:59
1607116071
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yupekchi kompaniýasy «Prodexpo-2026» sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrýar

Türkmenistanyň içgileri öndüriji Yupekchi kompaniýasy Moskwadaky «Krokus Ekspo» halkara sergi merkezinde 9–12-nji fewral aralygynda geçirilýän «Prodexpo-2026» halkara azyk önümleriniň sergisine gatnaşýar. Kompaniýa sergä gelýänlere öz önümleriniň doly görnüşi bilen tanyşdyrýar.

Kompaniýanyň 1-nji pawilýondaky diwarlygynda (1-nji zal, 1E010-028 diwarlyk) sergä gatnaşyjylar Yupekchi brendiniň içgiler toplumlary bilen tanşyp bilerler. Olar energetiki içgileri, gazly içgileri, sowuk çaýlary we şireleri öz içine alýar. Kompaniýa sergide öňden tanalýan brendleri bilen bir hatarda täze önümlerini hem görkezýär. Şeýle hem sergide kompaniýanyň brend bukjasyna täze goşulan BOLD Blueberry we Bold Zero ýaly täze önümleri bilen tanyşdyrylýar.

Çäräniň çäklerinde Yupekchi kompaniýasynyň wekilleri sergä gelýänler üçin tagam synaglaryny geçirýärler, şeýle-de mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen işewür duşuşyklary we tanyşdyryş çärelerini guraýarlar. Pudagyň iň iri sergi meýdançalarynyň birine gatnaşmak kompaniýa işewür gatnaşyklaryny berkitmäge, önümlerini halkara jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga hem-de brendiň mümkinçiliklerini görkezmäge mümkinçilik berýär.