Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistanda geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň 12-nji sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol çykyşynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2025-nji ýylda 2,2 milliard dollar derejesine ýetendigini belläp, esasy maksadyň bu görkezijini 5 milliard dollara ýetirmekdigini aýtdy — diýip, malatyasurmanset neşiri ýazýar.
Serginiň açylyş dabarasyna türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gatnaşdy.
Ömer Bolat Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy netijesinde has işjeň we köptaraplaýyn häsiýete eýe bolandygyny nygtap, dünýä derejesinde dowam edýän oňaýsyz ýagdaýlara garamazdan, 2025-nji ýylda iki ýurduň söwda dolanyşygynyň 2,2 milliard dollara ýetmegini kanagatlanma bilen belläp geçdi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän ikitaraplaýyn söwdada esasy maksadynyň mümkin boldugyça gysga wagtda 5 milliard dollarlyk söwda dolanyşygy derejesine ýetmekdigini aýdyp, bu ugurda degişli işleriň dowam etdirilýändigini nygtady.
Ministr şeýle hem sergide türk tarapyndan eksportçy kompaniýalaryň we birleşikleriň umumy meýdany 1396 inedördül metre deň bolan 87 diwarlyk bilen gatnaşýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, şeýle giň gerimli gatnaşyk iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.