Turkmenportal logo
Düýn 15:21
83258325
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sloweniýanyň Hökümeti 15 ýaşa çenli ýetginjeklere sosial torlary gadagan etmekçi

Sloweniýanyň Hökümeti çagalara we 15 ýaşa çenli ýetginjeklere sosial torlary gadagan etmek üçin kanun taslamasyny işläp düzýär. Bu barada Respublikanyň Premýer-ministriniň orunbasary Mateý Arçona salgylanýan TASS habar berdi.

«Soňky hepdelerde we aýlarda bu mesele tutuş dünýäde hem-de Ýewropada işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle etmek bilen, biz öz çagalarymyz barada alada edýändigimizi görkezýäris. Ilki hünärmenleriň gatnaşmagynda bu mesele boýunça wezipeler işlenilip düzüler, soňra çagalary we ýetginjekleri goramak maksady bilen hukuk esasy taýýarlanylar» diýip, Arçon aýtdy.