Turkmenportal logo
Düýn 13:48
62186218
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň dolandyryjy partiýasy parlamente saýlawlarda rekord derejede orun aldy

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Liberal-demokratik partiýasy Parlamentiň aşaky palatasyna möhletinden öňki saýlawlarda orunlaryň 465-sinden 316-syny almagy başardy. Bu partiýanyň taryhynda iň oňat netijedir. Ýagny Ikinji jahan urşundan bäri ilkinji gezek Ýaponiýada bir partiýa parlamentde orunlaryň üçden iki böleginden hem köp orun almagy başardy. Öňki ýyllarda Liberal-demokratik partiýa köp gezek şowsuzlyga duçar bolupdy.

Sanae Takaiti Premýer-ministriň wezipesinde ýurduň ykdysadyýetini janlandyrmakçydygyny yglan edipdi. Ol şeýle hem howpsuzlyk syýasatyna üýtgeşmeleri girizmekçi. Takaiti raýatlaryň çykdajylarynyň artmagy bilen baglylykda, aýlyk zähmet haklaryny ýokarlandyrmagyň, azyk önümleriniň satuwyna 8 göterimlik salgydy ýatyrmagyň tarapdary diýip, «Reuters» habarlar agentligi ýazýar.