Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow 9-njy fewralda Ankarada geçirilen arheometriýa we muzeý işi boýunça maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Maslahatyň dowamynda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we olary geljekki nesillere ýetirmek üçin işlenip düzülen taslamalaryň çäklerinde medeni gymmatlyklary dikeltmek we abatlamak, şeýle hem sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly taryhy tapyndylaryň nusgalaryny döretmek baradaky hasabatlar hödürlenildi.
Maslahat 9 — 13-nji fewral aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän dikeldiş we konserwasiýa barlaghanalary ulgamynda Türkiýe bilen tejribe alyşmak Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.