Portugaliýanyň Sosialistik partiýasyndan dalaşgär Antoniu Žoze Seguro Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Hökümet portalynyň maglumatlaryna görä, saýlaw býulletenleriniň 99,2 göterimi sanalandan soňra Seguronyň sesleriň 66,82 göterimini alandygy belli boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Onuň bäsdeşi, «Besdir!» (Chega!) ultra-sagçy partiýasyndan dalaşgär Andre Wenturany saýlawçylaryň 33,18 göterimi goldady.
Saýlawlara ýurduň raýatlarynyň 50,11 göterimi gatnaşdy.
Seguro saýlawçylara hoşallyk bildirdi, onuň sözlerine görä, portugal halky azatlyga, demokratiýa we ýurduň röwşen geljegine ygrarlydygyny subut etdi.
Sosialistik partiýanyň öňki baş sekretary Antoniu Žoze Seguro saýlaw tutumy wagtynda özüni dolandyryjy sagçy-merkezçi Hökümet bilen dialoga taýýar aram syýasatçy hökmünde görkezdi.