Turkmenportal logo
Düýn 12:38
69996999
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen aktýory Batyr Çaryýew TÜRKSOÝ-nyň baýragyna mynasyp boldy 

9-njy fewralda Stambul şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen «Anadolu» gazetiniň hyzmatdaşlygynda guralýan Halkara TÜRKSOY teatr baýraklarynyň 11-nji gezek gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türk dünýäsiniň teatrlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegi we umumy medeni mirasy sahna sungaty arkaly dünýä ýüzüne çykarmagy maksat edinýän bu abraýly gurama tarapyndan Türkmenistanyň at gazanan artisti wekili  Batyr Çaryýew «Iň oňat erkek artist» diýlip ykrar edildi we degişli baýrak bilen sylaglandy. 

Her ýyl däp bolan «Halkara Anadoly teatr baýraklary» dabarasynyň çäginde geçirilýän bu çärede beýleki agza ýurtlardan hem iň oňat sungat işgärleri saýlanyp, Gazagystandan Erenbak Toýkenow «Iň oňat teatr režissýory», Özbegistandan Lola Eltoýewa «Iň oňat zenan artist», Gyrgyzystandan Sadyr Niýazakunow «Iň oňat sahna bezegçisi» hem-de Azerbaýjandan Ali Emirli «Iň oňat dramaturg» ugry boýunça baýraklara mynasyp görüldiler.