Turkmenportal logo
10.02.26
1213612136
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
RF-nyň ilçisi 2025-nji ýyly Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda ähmiýetli ýyl diýip atlandyrdy

Geçen ýyl ýokary derejede geçirilen wekiliýetleriň işjeň alyşmaklygyň we köp sanly ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmeginiň netijesinde rus-türkmen gatnaşyklary üçin ähmiýetli ýyl boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda ýazdy. Makala Russiýa Federasiýasynda her ýylyň 10-njy fewralynda bellenilýän Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli çap edildi.

«2025-nji ýylda biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tapgyrlaýyn ösüşine, işewürlik we ynsanperwer aragatnaşyklaryň işjeň giňelmegine şaýat bolduk» – diýip, diplomat belledi. Ol iki döwletiň liderleriniň arasynda ynama esaslanýan dialogyň strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň iň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.

Ilçi Russiýa bilen Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny hem belledi. Moskwa Aşgabat tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda döredilen Bitaraplygyň dostlary we Durnukly ulag boýunça dostlar toparlarynyň işine işjeň gatnaşdy, şeýle hem Türkmenistan tarapyndan teklip edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynyň taslamalaryny goldady.

Wolynkin 2026-njy ýylda iki sany ähmiýetli senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň hem-de GDA başlyklyk etmek wezipesi Aşgabada geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň belleniljekdigini ýatlatdy.

«Bu seneler mynasybetli meýilleşdirilen ähli giň möçberli çäreleriň hemişe bolşy ýaly, iň ýokary derejede guraljakdygyna pugta ynanýaryn», – diýip diplomat belledi.