Turkmenportal logo
10.02.26
1030410304
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gutag hatynda döwlet Baştutany «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurduň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, Türkiýäniň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýandyklaryny we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýändiklerini belledi.

«Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar.