Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň «IDOJI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentininiň we italýan arhitektory Serjio Ferrandiniň gatnaşmagynda italýan dizaýny barada mugallymlaryňdyr talyplaryň arasynda döredijilik duşuşygy we okuw sapagy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre bütin dünýäde bellenilýän Italýan dizaýnynyň günlerine bagyşlandy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda italýan ussatlary «Dizaýn — aragatnaşygyň serişdesi» atly okuw sapagynyň dowamynda meşhur murano aýnasynyň taryhy, syrly tilsimatlary barada gürrüň berdiler.
Murano aýnasy diňe bir owadanlyk däl, eýsem, asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen çylşyrymly tehnologik özgerişdir. Bu aýnany öndürýän ussahanalar häzirki zaman dizaýnerleri bilen hyzmatdaşlykda bolup, abstrakt formaly heýkel eserlerini, döwrebap interýer yşyklandyryş ulgamlaryny döretmek bilen hem uly meşhurlyk gazanýarlar.
«IDOJI» kompaniýasynyň öndürýän ajaýyp önümleri hem daşky gurşaw — giňişlik, çyzyk, forma, ýagtylyk, reňk, faktura hem-de nagyş ýaly düşünjeler boýunça döredilýär. Häzirki italýan binagärlik sungatynda döwrebap tehnologik çözgütleriň giňden ulanylyşy, minimalizm, funksionalizm alamatlarynyň hem-de lýuks derejeli interýer hem-de senagat dizaýnynyň ösüşi barada hem täsirli çykyşlar edildi.
Ýokary okuw mekdebinde geçirilýän şeýle medeni duşuşyklar türkmen we italýan dizaýn sungatyny ösdürmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu dostlukly we döredijilikli gatnaşyklar dizaýn ugrunda işleýän ýaş mugallymlara, okaýan talyplara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär diýlip, habarda bellenilýär.
Italýan dizaýnynyň günleri — bu Italiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan esaslandyrylan giň gerimli taslamadyr. Onuň maksady «Made in Italy» konsepsiýasyny wagyz etmekden we italýan dizaýnynyň estetikany, innowasiýany hem-de funksionallygy özünde näderejede birleşdirip bilýändigini görkezmekden ybaratdyr. Italýan dizaýnyny ýaýbaňlandyrmakda her ýyl dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda sergiler, okuw we ussatlyk sapaklary, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Italiýa tejribe alyşmak üçin dünýäniň dürli şäherlerine «dizaýn ilçilerini» — arhitektorlary, dizaýnerleri, telekeçileri iberýär.
Bu taslamynyň çäginde, adatça, dizaýn sungatynyň üç sütüni barada gürrüň berilýär. Onuň birinjisi miras we senetçilik däpleriniň döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşmagy hakdadyr. Ikinjisi ekologiýa taýdan arassaçylyk meseleleri bilen baglydyr. Sebäbi soňky ýyllarda bütin dünýäde jemgyýetçiligiň esasy ünsi «ýaşyl» dizaýna, materiallary gaýtadan işlemäge hem-de durnukly ösüşe gönükdirildi. Üçünjisi bolsa funksionallyk wezipelerine gönükdirilýär. Munuň özi senagat dizaýnynyň gündelik durmuşyň hilini ýokarlandyrylmakdaky orny baradaky pikirleri öňe sürýär.