Kofäniň dünýä bahalary bu içgini esasy öndüriji we eksport ediji ýurt bolan Braziliýada ýokary hasyla garaşmak bilen bagly arzanlaýar diýip, «Reuters» habar berdi.
Arabika kofesiniň fýuçersleri Nýu-Ýorkuň biržasynda 0,2 göterim, ýagny put üçin 3,0785 dollara çenli arzanlady. Bu soňky bäş aýda iň pes nyrhdyr. EISA seljeriş kompaniýasynyň çaklamasyna görä, Braziliýada ýene birnäçe aýdan ýyglyp başlanjak kofe hasyly her biri 60 kilogramlyk 75,8 million halta ýetip biler. Şunda arabikanyň hasyly 48 million, robusta 27,8 mln halta deň bolar.
30-njy ýanwarda Londonyň ICE biržasynda kakao-kösükleriň nyrhy bir tonna üçin 4 müň dollara çenli arzanlady.