Turkmenportal logo
Şu gün 13:05
33203320
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sahalinde döwlen buzlukdan 71 balykçy halas edildi
Surat: primamediamts.servicecdn.ru

Russiýanyň Sahalin ülkesinde halas edijiler 70-den gowrak balykçyny kenara çykardylar. Bu barada Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar diýip, «MIR 24» ýazýar. «Döwlen buzlukdan gaýyk bilen jemi 71 balykçy halas edildi» diýlip, habarda aýdylýar.

Waka Starodub obasynyň golaýynda boldy. Uzynlygy alty metr jaýryk buzlugyň kenardan bir kilometr süýşmegi netijesinde döretdi. Ähli balykçylar gury ýerden üzňe galdylar.

Halas edijiler Sahaliniň günorta-gündogar kenarýakasynda tutuş hepdäniň dowamynda buzluga çykyp balyk awlamagyň howpludygyny duýdurdylar. Ol ýerde gysýan şemalyň täsiri bilen heniz doly doňmadyk buzluklaryň döwüljekdigi çaklanýar.