Turkmenportal logo
Düýn 11:05
74687468
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Oba hojalygy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 109,3 göterime deň boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurduň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 116,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 108,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 117,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,9 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Sebitlerde ýerleşýän suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak hem-de suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.