Turkmenportal logo
Düýn 22:40
64006400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak tabşyryldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Amanowyň hasabatynda ýurtda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylan işleriň ýokary görkezijilere eýe bolandygy bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 26,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi hem-de toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.