Turkmenportal logo
Düýn 20:42
59855985
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio şäheri) Täze Zelandiýanyň Milli güni – Waýtangi güni mynasybetli her ýyl 6-njy fewralda geçirilýän döwlet çärelerine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, iş saparynyň dowamynda A.Baýramow ýokary wezipeli resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro bilen geçirilen duşuşykda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Waýtangi güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi, şeýle hem General-gubernatory özüne amatly bolan wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Saparyň dowamynda ilçi Täze Zelandiýanyň daşary işler ministri Winston Peters, Täze Zelandiýanyň söwda we maýa goýum ministri H.Todd Makkleý we Täze Zelandiýa Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlary döretmek we ikitaraplaýyn saparlary guramak barada ylalaşdylar.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberendigini habar beripdik.