Turkmenportal logo
Düýn 17:55
57775777
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stambulyň Medipol uniwersitetinde ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi 

Stambulyň Medipol uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Ö.Jumanazarow, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Medipol uniwersitetiniň wekilleri öz çykyşlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we durnukly ösüşini belläp, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem türkmen diplomatlary Medipol uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda okuw, ýaşlaryň jemgyýetçilik-medeni durmuşa gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.