Turkmenportal logo
Düýn 16:17
59065906
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«YouTube» emeli aňyň kömegi arkaly döredilen pes hilli kontentleri aýryp başlady
Surat: True Images / Alamy Stock Photo

«YouTube» wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri aýryp başlady diýip, «The Verge» neşiri habar berdi. Netijede, platformadan birbada birnäçe pes hilli iri ýaýlymlar, şol sanda 5,9 mln abunaçyly we 5,8 milliard gezek seredilen «CuentosFacianantes», 5,8 mln abunaçyly «Imperio de Jesus» aýryldy.

Öň «YouTube»-niň baş direktory Nil Mohan hereket edýän spama garşy göreş ulgamyny hem-de klikbeýti ulanmak arkaly, pes hilli kontentiň ýaýramagyna garşy göreşmekçidigini habar berdi.  

2025-nji ýylda «YouTube» EA tarapyndan generirlenen galp filmleriň treýlerlerini ýok edipdi. Häzir platforma galp we pes hilli kontenti aýyrmak syýasatyny dowam edýär.