Saud Arabystanynyň Hökümeti Patyşalykda ýaşaýan düýeleriň ählisine haýwanlaryň ynamly maglumatlar goruny döretmek hem-de sürüleri täsirli dolandyrmak üçin pasport bermek kararyna geldiler. Bu barada ýurduň Daşky gurşaw, suw hojalygy we oba hojalygy ministrligi sosial tordaky sahypasynda habar berdi.
Indi düýeleriň iki milliondan gowragyna pasport bermeli bolar. Hepdäniň sişenbe güni şeýle resminamanyň dizaýny halka tanyşdyryldy, onda altyn gaýma bilen düýe şekillendirilipdir hem-de «Düýe ýol pasporty» diýen ýazgy bar.
Ýeri gelende aýtsak, Saud Arabystanynda golaý geçmişde hem düýeler wajyp ulag serişdesi bolupdy. Häzir bu haýwanlaryň bazary gülläp ösýär, munuň sebäbi-de düýe çapyşyklary saudlylylaryň esasy göwünaçyşlygydyr. Çapuw düýeleriniň bahasy ýüz müňlerçe dollara ýetýär.