Turkmenportal logo
Düýn 14:10
62746274
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bitkoin pese gaçýar

Penşenbede bitkoin 70 müň dollar derejede hasaba alyndy, bu kriptopuluň taryhynda iň iri pese gaçyşlykdyr we dowam etjege meňzeýär diýip, «Azertaj» habar berdi.

Habarda aziýa söwdasynda bitkoiniň 3 göterim, ýagny 70 052,38 dollara çenli arzanlap, 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri iň pese derejä düşendigi aýdylýar.

Dünýäde ikinji uly kriptopul bolan efir hem 2 göterime – 2086,11 dollara çenli arzanlady diýip, «Reuters» ýazýar. Eger bu sanly pul 2 müň dollardan pese gaçaýsa, geçen ýylyň maýyndan bäri iň pes görkeziji bolar.

Kriptopuluň soňky pese gaçyşlygy birdenkä we okgunly boldy, seljerijileriň pikirine görä, muňa Kewin Uorşuň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň başlyklygyna bellenmegi bilen baglylykda, ol FÄU-nyň balansyny kemeltmegi başarar diýen garaşmalar sebäp boldy.

Bazarda emele gelen bu ýagdaý maýa goýumçylaryň sanly aktiwlere gyzyklanmasynyň peselmegine we pudaga durnuksyz gatnaşyga getirýär.