Turkmenportal logo
Düýn 13:20
80488048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda iş maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän demir ýol ulagynda ýük daşamalarynda gümrük taýdan resmileşdirmesi üçin sarp edilýän wagty azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä gözegçilik-geçiriş ýerlerinde iş alyp barýan ygtyýarly edaralar bolan gümrük, serhet, weterinar, karantin gulluklarynyň hem-de Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahatda demir ýol ulaglary arkaly ýük daşamalaryň möçberiniň artýan şertlerinde, serhet geçelgelerinde gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň hilini ýokarlandyrmak, gulluklaryň arasynda resminama dolanşygyny kämilleşdirmek we sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak arkaly, sarp edilýän wagty tygşytlamak bellenildi.

2026-njy ýylyň ýanwarynda gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 20 göterim ýokarlandy.