Turkmenportal logo
Düýn 11:45
49944994
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanada 13 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi 

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy 2025-nji ýyly ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemledi. Bu ýerde ýyllyk meýilnama 131,18 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň dowamynda 13 million 103 müň 134 manatlyk önüm öndürildi. 2024-nji ýylyň ykdysady görkezijileri bilen deňeşdireniňde, kärhanada 108 göterimden gowrak ösüş depgini gazanyldy.

Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanada dürli ölçegdäki zyýansyzlandyrylan sargy we beýleki lukmançylyk serişdeleriniň 18 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Ýokary hilli lukmançylyk we sargy serişdeleriniň 13 milliona golaý gaplamasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary hilli gips sargysyny öndürýän ýeke-täk kärhanada öndürilýän dürli ölçegdäki agardylan, zyýansyzlandyrylan lukmançylyk hasalarynyň, daýanç-hereket synalary üçin niýetlenen hem-de saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň önümçilik möçberi barha artýar.