Turkmenportal logo
Düýn 11:06
53075307
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Grenlandiýada ýanwar synlamalaryň tutuş taryhynda iň maýyl boldy

Grenlandiýada şu ýylyň ýanwary synlamalaryň ähli taryhynda iň maýyl boldy diýip, «Reuters» agentligi habar berdi.

Daniýanyň meteorologik institutynyň deslapky maglumatlaryna görä, Grenlandiýanyň paýtagty Nuuke şäherinde ýanwarda howanyň ortaça temperaturasy Selsiý boýunça 0,2 gradus ýyly boldy. Bu 1991—2020-nji ýyllar döwründe hasaba alnan ortaça görkezijiden ep-esli ýokarydyr (7,7 gradus sowuk).

«Klimatyň üýtgemegi eýýäm Grenlandiýada duýulýar, — diýip, ady tutulan institutyň howa ylmy barlaglary merkeziniň başlygy Ýakob Hoýer gürrüň berýär. — ýazgylardan çen tutsaň, Grenlandiýada howanyň derejesi dünýädäki ortaça görkezijiden 4 esse çalt ýokarlanýar». Onuň sözlerine görä, bu Grenlandiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagyna – balykçylyga täsir edip biler. «Grenlandiýanyň töweregindäki suwlar hem gyzýar, bu bolsa, ekoulgama hem-de balykçylyga täsir edip biler» diýip, Hoýer aýdýar.