Turkmenportal logo
05.02.26
1227812278
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Floridada aýazlar sebäpli iguanlar baglardan gaçýar

Amerikanyň Florida ştatynda iguan-gaçyşlyk başlandy, bu süýreniji jandarlar adatdan daşary sowuk sebäpli doňup ýere gaçýarlar diýip, «MIR 24» habar berdi.

Haýwanlar huşundan gidip ýere gaçýarlar hem-de gozganman ýatýarlar. Daşyndan seretseň, olary ölendir öýdýärsiň. Hakykatdanam, sowukda galdyrsaň, iguanlar pida boljaklar.

Ýerli ýaşaýjylar hereketsiz süýrenijileri ýygnap, kabul ediş nokatlaryna eltýärler. Amerikan kanunlaryna laýyklykda, gök iguanlary öýlerde saklamak gadagan. Emma adatdan daşary ýagdaý sebäpli ştatyň häkimiýetleri ol haýwanlary howa maýlaýança ýabany tebigatdan äkitmäge rugsat berdiler.