Turkmenportal logo
Düýn 14:52
46734673
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Pakistandaky ilçileri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ulçihanasynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow bilen Ispaniýanyň Pakistana täze bellenen Ilçisi Karlos Aragonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasynda söwda, üstaşyr gatnaw, energetika we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ispaniýanyň ilçisi howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykýan çölleşmä garşy göreşmek boýunça öz ýurdunyň tejribesi, şeýle hem tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak babatda durmuşa geçirilýän milli başlangyçlar barada gürrüň berdi.

Şu nukdaýnazardan, Owganystan we Pakistan arkaly geçýän söwda ugrunyň geljeginiň uludygy hem-de ykdysady taýdan maksadalaýyklygy aýratyn bellenildi.