Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow, Pakistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy hanym Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda iki ýurduň arasynda öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalyş edilmegine, bilelikdäki mümkinçilikleri artdyrmak boýunça maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna, şeýle hem tehniki we hünär bilimiň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar gepleşikleri we maglumat alyş-çalşygyny dowam etdirmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki bilim-hünär taslamalaryny we maksatnamalaryny, şol sanda Türkmenistanda urdu dilini okatmagy we öwrenmegi ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.