Amerikaly işewür Ilon Mask taryhda emlägi 800 milliard dollardan agan ilkinji adam boldy. Onuň raketagurluşygy boýunça «SpaceX» kompaniýasy emeli aň we sosial torlar bilen meşgullanýan «xAI» kompaniýasyny satyn aldy. Geleşik Maska 84 mlrd dollar girdeji getirdi diýip, «Forbes» žurnalyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Häzirki wagtda telekeçiniň emlägi rekord 852 milliard dollar bahalanýar. Ýokarda agzalan geleşikden öň ol «SpaceX» kompaniýasynyň bahasy 336 mlrd we «xAI» kompaniýasynyň 122 milliard dollar bolan paýnamalaryna eýelik edýärdi. Kompaniýalar goşulyşandan soňra Maska paýnamalaryň bahasy 542 mlrd dollarlyk 43 göterimi degişli boldy.
Bilermenleriň sözlerine görä, «SpaceX» häzirki wagtda Ilon Maskyň iň gymmat aktiwi bolup durýar. Işewür şeýle hem «Tesla» kompaniýasynyň 178 mlrd dollarlyk 12 göterim paýnamalarynyň we «Teslanyň» 124 dollarlyk paýnamalaryna maliýe geleşikleriň eýesidir.