Turkmenportal logo
05.02.26
1512915129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
PETRONAS Türkmenistanyň raýatlary üçin Malaýziýada okuwa kabul edişlik yglan etdi

«PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy 2026-njy ýylda Universiti Teknologi PETRONAS-a girmek, «Block-I Education Sponsorship» bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berildi.

Maksatnama gatnaşmaga 17 ýaşdan 25 ýaşa çenli, durmuşa çykmadyk ýa-da öýlenmedik, şeýle hem himiýa, fizika we matematika derslerinden ýokary bahalar bilen mekdebi tamamlan dalaşgärler çagyrylýar. Iňlis dilini IELTS-den 5.0 ýa-da TOEFL iBT-den 50 derejesinde bilmek talap edilýär. Dalaşgärler ýokary bilimli we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan bolmaly däldir.

Maksatnama himiýa we nebit inženerçiligi, raýat gurluşygy, kompýuter we elektrotehniki inženerçilik, maşyngurluşyk, maglumat tehnologiýalary, nebit geoylmy we birleşdirilen inženerçilik ýaly ugurlary öz içine alýar.

Saýlama iki tapgyrda geçirilýär: ýazmaça synag we dalaşgäriň iňlis dili derejesine, tankydy pikirlenişine we ukybyna baha bermek üçin söhbetdeşlik.

Resminamalar «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edara binasynda duşenbe gününden anna gününe çenli sagat 14:00-17:00 aralygynda kabul edilýär.

Salgysy: Türkmenbaşy şaýoly, 81, B blok.

Arzalar 2026-njy ýylyň 13-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312)39-80-00.

Universiti Teknologi PETRONAS Malaýziýanyň milli nebit-gaz kompaniýasy PETRONAS-a degişli bolan öňdebaryjy hususy ylmy-barlag uniwersitetidir.