Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine bardy, bu ýerde Gahryman Arkadag «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bedewe atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi. Ynsan gylykly bedew aýaklary bilen gelşikli oýun edip, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygyny äşgär etdi.
Soňra Gahryman Arkadag toparyň agzalaryna Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurýandygyny aýtdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl bolýandygy nazara alnanda, bu sowgat ýurduň ösüşleriniň özboluşly nyşany bolup durýar. Bu barada TDH habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň düzüminde oglanlar bilen birlikde, gyzlaryň hem çykyş edýändigini, olaryň bilelikdäki yhlasyndan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolýandygyny, bu agzybirligiň, ýaşlyk yhlasynyň halkymyz üçin örän buýsançlydygyny nygtady.
Gahryman Arkadag olary gazanan üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, toparyň her bir ýeňşiniň döwlet derejesinde sarpalanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi we olara milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ýaly asylly işinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.