HHR-iň Başlygy Si Szinpin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini ýylyň birinji ýarymynda resmi sapar bilen Hytaýa gelmäge çagyrdy. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti we jikme-jiklikleri goşmaça ylalaşylar» diýip, Uşakow çarşenbe güni iki ýurduň Liderleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleriniň jemleri barada žurnalistlere gürrüň berdi.
HHR-iň Lideri şeýle hem RF-niň Prezidentini noýabrda Şençžende geçjek Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
«Russiýa guramada Hytaýyň başlyklyk etmegini goldaýar, elbetde, biziň Prezidentimiz Şençžende boljak duşuşyga gatnaşmaga taýýar bolar» diýip, Uşakow sözüniň üstüni ýetirdi.