Ýanwar aýynyň ahyrynda Tähran şäherinde ýerleşýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi Y.Gaýypow bilen bu institutyň täze bellenilen prezidenti M.Hassanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşykda taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygary bilen bagly bilelikde geçiriljek çäreler boýunça pikir alyşdylar.