Turkmenportal logo
04.02.26
1607116071
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan halkara syýasaty üçin maglumatlary barlamagyň ulgamyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow maglumatlaryň ygtybarlylygynyň hemmeler üçin umumy ýörelgelerini öňe sürmegi we döwlet hem-de halkara syýasatyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde olaryň bilelikdäki tassyklaýyş gurallaryny döretmegi goldap çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitindäki çykyşynyň dowamynda mälim etdi. Çykyşyň doly teksti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi. 

«Biz maglumatlaryň ygtybarlylygynyň hemmeler üçin umumy ýörelgelerini öňe sürmegi we döwlet hem-de halkara syýasatyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde olaryň bilelikdäki tassyklaýyş gurallaryny döretmegi goldaýarys» diýip R.Meredow belledi. 

Daşary işler ministriniň bellemegine görä, şeýle ýörelgeler hyzmatdaşlaryň arasynda ynamy berkitmäge, çözgütleriň yzygiderliligini üpjün etmäge we emeli aňy hasaba almak bilen sanly gurallaryň ulanylmagy boýunça döwlet jogapkärçiligini güýçlendirmäge ýardam edip biler.

«Ýurdumyz tarapyndan ozal Bütindünýä Hökümet Sammitiniň münberinden öňe sürlen durnukly ulag ulgamyndaky başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda anyk institusional görnüşde durmuşa geçirildi.

2025-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026 — 2035-nji ýyllar «Durnukly ulagyň onýyllygy» diýlip yglan edildi we onýyllygyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişini yzarlamak üçin «ýol kartasy» hem-de gözegçilik guraly hökmünde Durnukly ulag atlasy döredildi.

Bu tejribe ynama, inklýuziwlige we anyk maksatlara esaslanýan hyzmatdaşlygyň hakyky ählumumy netijeleri berip bilýändigini görkezýär» diýip, R.Meredow belledi.