Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anura Kumara Dissanaýakä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şri-Lankanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.