Turkmenportal logo
Şu gün 17:46
43134313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kairde iki dükany duýdansyz ýer hopdy

Internetde ýol-gözegçilik kamerasynda düşürilen wideo ýaýrady, onda Kairiň awtoulaglara ýangyç guýýan bekedindäki adaty gün bolup geçen waka görkezilýär. Adamlar gezip ýörler, ulaglar gatnaýar, emma birdenkä bekediň ýanyndaky iki sany dükan ýer hopan ýaly ýitirim bolýar. Bir minut geçenden soňra dükanlaryň duran ýerinde 15 metrlik giňlikdäki çuň çukur döreýär.

Hünärmenler ýeriň çöken ýeriniň golaýynda gurluşykçylaryň gazuw işlerini geçirendiklerini aýdýarlar. Olar täze binanyň tekini üçin ýer gazan bolsalar gerek, bu bolsa dükanlaryň duran ýeriniň çökmegine getiren bolmaly.

Ýerli polisiýa dükanlara giren iki adamy halas edendiklerini habar berdi. Olar ýeňil şikes alyp, dessine hassahana ýerleşdirilipdir diýip, «rg.ru» ýazýar.