Turkmenportal logo
Şu gün 15:15
74897489
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawalyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn saparlaryň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň gurnamagyň zerurdygyny bellediler diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri, şeýle hem Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlislerini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki formatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça söhbetdeşler Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.