2-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 227 080 000 manada we 1 184 250 müň amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.
Daşarky bazarda Özbegistan döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy, Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden «B» kysymly karbamidi we «Türkmennebit» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny, «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.