Turkmenportal logo
Şu gün 13:44
39213921
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Altyn okgunly arzanlap başlady

Dünýä bazarlarynda altyn birdenkä arzanlady: 22-nji ýanwardan bäri onuň bir üçlük unsiýasy üçin nyrh 4700 dollardan pese gaçdy. Bu barada «Comex» biržasynyň maglumatlaryna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

«Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, gymmatly daşyň nyrhynyň arzanlamagyna Hytaýdaky maýa goýumçylaryň hereketi sebäp boldy. Olar gymmatbaha daşlarda gazanç etmek islediler. Netijede, bazarda altynyň fýuçersleriniň köpçülikleýin satuwy başlandy, bu bolsa teklipleriň gereginden artyk toplanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, altynyň birža kotirlenmesi okgunly pese gaçyp ugrady. Bazary seljerijileriň bahalandyrmagyna görä, altynyň möçberleriniň birden artmagy bazara agram saldy hem-de bahalaryň arzanlamagyna eltdi.