Turkmenportal logo
Şu gün 13:13
37803780
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rimde Premýer-ministr Melonä meňzeş diwar suraty boýunça derňew işleri başlandy

Rimiň ýeparhiýasy we Italiýanyň Medeniýet ministrligi paýtagt şäherdäki San-Lorenso-in-Luçina ybadathanasynyň freskalaryndaky keramatlylaryň birinde ýurduň häzirki Hökümet başlygy Jorjiýa Meloniniň ýüz-keşbine meňzeşlik tapylandan soňra barlag işlerine başlady. Bu barada «Il Fatto Quotidiano» gazeti habar berdi.

Italiýanyň soňky Patyşasy Umberto II heýkelini gurşap alan perişdeler şekillendirilen freska 2000-nji ýylda suratkeş Bruno Walentinetti tarapyndan döredilipdi. Geçen ýyl onda abatlaýyş işleri geçirildi. Biraz soňra diwar suratda elinde Italiýanyň kartasyny saklap duran perişdeleriň biriniň ýüz-keşbi köpleriň ünsüni çekdi.

 Ybadathananyň gözegçisi, monsenýor Daniele Mikeletti bu meňzeşligiň özüni biynjalyk etmeýändigini aýtdy hem-de bu sowaly abatlaýyş işini geçiren suratkeşe bermegi maslahat berdi. Suratkeş Bruno Walentinetti bu meňzeşligi bilgeşleýin etmändigini nygtap: «Kim bu Premýer-ministr Meloni diýýär? Muny subut etmek gerek... Men 2000-nji ýylyň freskasyny bolşy ýaly täzeden çekdim. Men munuň töhmetdigini aýtmakçy» diýdi.

 Bu gep-gürrüňlere Jorja Meloniniň özi-de seslenmän bilmedi, ol sosial tordaky sahypasynda: «Ýok, men perişdä asla meňzämok» diýip ýazdy.

 Emma muňa garamazdan, Rimiň wikariaty ýagdaýy seljermek we muňa dahylly adamlary jogapkärçilige çekmek üçin derňew işleriniň başlanandygyny resmi yglan etdi.