Turkmenportal logo
Şu gün 10:34
53335333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TYA 2026-njy ýylyň Ylym gününe bagyşlanan Halkara maslahata gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 12-13-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde utgaşykly görnüşde geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar. 

Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:

1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;

3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;

4. Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;

5. Innowasion ykdysadyýet;

6. Ynsanperwer ylymlar.

Doly maglumatlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň resmi saýtynda alyp bilersiňiz.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.