Daşoguz welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýazky ekiş möwsüminde pagta öndürijileri sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Köneürgenç etrabynyň döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynda taýýarlanylan 4 müň tonna golaý gowaça tohumynyň esasy bölegini «Gubadag — 3», «Jeýhun», «F-27» we «F-47» saýlama görnüşler düzýär.
Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda hem ýokary hilli tohum taýýarlamak işleri dowam edýär. Köpugurly oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň bu kärhanasynda tohumlyk çigidi himiki usulda işläp taýýarlaýan, arassalaýan önümçilik bölümi hereket edýär. Taýýarlanýan tohumyň ýokary hil derejesi gowaçalardan kadaly gögeriş alynmagyna, hasyllylygyň artmagyna şert döredýär. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynda hojalygyň tohumçylyk bölüminde oýlanyp tapylan hem-de synagdan geçirilen gowaçanyň «Jeýhun» sorty ekilýär. Orta süýümli bu tohum ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşandygy, hasyllylygy bilen tapawutlanýar.
Ähli kategoriýalar
Daşoguz welaýatynda ýazky pagta ekiş möwsümine ýokary hilli gowaça tohumy taýýarlanylýar