Turkmenportal logo
Düýn 11:25
1109411094
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sankt-Peterburgda aýazly howa ýabany haýwanlary şähere gelmäge mejbur etdi

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň ýaşaýjylaryna halas edijiler öl gar we typançak barada durýdurdylar. Şäherde howanyň derejesi -15 gradusa düşdi. Aýazly howa ýabany haýwanlary adamlardan haraý gözlemäge mejbur edýär diýip, «MIR 24» ýazýar.

Sebäbi sowuk howa sebäpli haýwanlara syçanlary we ösümlikleriň köklerini tapmak barha kyn düşýär, şonuň üçin olar zibilhanalardaky azyk galyndylaryndan hem-de köçede goýlan iýmitli gaplardan naharlanmaga mejbur bolýar.

Şäheriň dürli etraplarynda tilkiler, ýekegapanlar we towşanlar duşýar. Olar, adatça, gijelerine peýda bolýarlar, käbirleri köçä ylgap çykýarlar. Şonuň üçin Tebigatdan peýdalanmak geňeşi sürüjileri hüşgär bolmagy we tizligiň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýar.

«Uly şäherler haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerine tarap çäklerini giňeldýärler. Şeýtmek bilen, biz olary ýaşaýan ýerlerinden mahrum edýäris» diýip, Leningradyň haýwanat bagynyň metbugat kätibi Anna Çugunowa gürrüň berýär. Ýabany haýwanlara golaý barmak bolanok, sebäbi olaryň guduz bolmagy mümkin. Galyberse-de, haýwanlar golaý barylsa, howp hökmünde kabul edip, hüjüm etmegi mümkin diýlip, hünärmen maslahat berýär.