Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýokary netijeleri görkezip, Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda 25–28-nji ýanwar aralygynda geçirilen BIMO-2026 Halkara matematika olimpiadasynda we BIChO-2026 Halkara himiýa olimpiadasynda jemi 46 medal (17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç) gazandylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, bäsleşiklere 10-dan gowrak ýurtdan, şol sanda Özbegistandan, Türkmenistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Iordaniýadan we Täjigistandan 500-den gowrak talyp hem-de 100-den gowrak topar gatnaşdy.

Olimpiadalar bilen bir wagtda takyk ylymlary okatmagyň usullary boýunça tejribe alyşmak maksady bilen professor-mugallymlaryň duşuşyklary hem geçirildi.
Şeýle-de gatnaşyjylar üçin Buhara şäheriniň taryhy ýadygärliklerine gezelençler guraldy.