Gazagystanyň Konstitusion geňeşi täze Konstitusiýanyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Bu barada «Kazinform» agentligi habar berdi.
Ýurduň Konstitusion kazyýetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Nurmuhanow Baş kanunyň özüne girişi, 11 bölümi we 95 maddany jemleýändigini habar berdi.
Konstitusiýanyň girişi doly täzelendi. Taslamada şeýle hem Gazagystanyň daşary syýasatynyň esaslaryna uly ähmiýet berildi.