Turkmenportal logo
Düýn 22:40
33863386
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow: «Arkadag» futbol toparynyň ýeňiş gazanmagy ýurt üçin abraýdyr
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň 1/8 tapgyrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen boljak ýaryşa taýýarlyk görýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, tanyşlygynyň dowamynda Gahryman Arkadag soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe bolan «Arkadag» futbol toparyna uly ynam bildirýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri futbol toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurt üçin abraýdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag türgenleriň yhlasyny gaýgyrman arassa hem owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip bu ýerden ugrady.