Turkmenportal logo
Düýn 22:13
36523652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadag» – «Al-Nassr» futbol toparlarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2-niň 1/8 tapgyrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen boljak ýaryşa taýýarlyk görýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýä derejesinde üstünlikli çykyş edýän «Arkadag» futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli bäsleşiginiň geçiriljek ýeri bolan, Merkezi Aziýada iň uly, ýagny 45 müň orunlyk olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ýurtda uly üstünlik bilen geçirilen Aziýada oýunlarynyň sport ýaryşlarynyň esasy nyşany bolan alabaýyň şekiline aýratyn üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Gahryman Arkadag futbol ýaryşynyň guramaçylykly geçirilmeginiň futbol janköýerleri we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna, futbol ýaryşynyň dünýäde giňden beýan edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigine, bu ýerde futbol ýaryşyna tomaşa edýänler üçin bolşy ýaly, türgenler we tälimçiler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine, şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň we dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna Gahryman Arkadag ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.