Turkmenportal logo
31.01.26
1270512705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaşlyk keramzit zawodynda geçen ýyl 15 million manatlyga golaý önüm öndürildi

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Ýaşlyk keramzit zawodynda işleriň barha ilerleýär. Ýurt üçin zerur bolan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmek babatdaky tagallalara saldamly goşant goşýan kärhana geçen şanly ýyly guwandyryjy görkezijiler bilen jemledi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, geçen 2025-nji ýylda kärhanada 14 million 932 müň manatlykdan gowrak keramzit öndürildi. Munuň özi, ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 107,5 göterime golaý ösüşiň üpjün edilendigini aňladýar.

Geçen ýylyň dowamynda agzybir zähmet toparynyň yhlasy we tutanýerliligi bilen, müňlerçe kub metr keramzit öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy. Ýeri gelende bellesek, ýurduň baý çig mal gorlary kärhanada keramzidiň önümçiligini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berýär. Önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekde we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge şert döredýär.