Turkmenportal logo
30.01.26
1980919809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýeke özi öýde» filminiň ýyldyzy aktrisa Ketrin O’Hara aradan çykdy

Kanada-amerikan aktrisasy Ketrin O’Hara anna güni, 30-njy ýanwarda 71 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada iki çeşmä salgylanyp, TMZ portaly habar berdi. Aktrisanyň aradan çykmagynyň sebäbi häzirlikçe mälim edilmeýär.

Ketrin O’Hara 1954-nji ýylyň 4-nji martynda Toronto şäherinde dogulýar. Ol dünýä meşhur «Ýeke özi öýde» (1990) we «Ýeke özi öýde 2: Nýu-Ýorkda ýiten» (1992) atly Täze ýyl filmlerinde Makoleý Kalkiniň ejesiniň keşbini janlandyrmagy bilen dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Şeýle-de aktrisa 2015–2020-nji ýyllar aralygynda surata düşürilen «Şitts Krik» teleserialynyň 80 bölüminde Moýra Rouzyň keşbini ýerine ýetirip, 2020-nji ýylda «Emmi» baýragyna mynasyp boldy.

O’Haranyň beýleki belli işleriniň hatarynda «Bitljus» (1988), «Bitljus 2» (2024) filmlerindäki keşpleri, şeýle hem «Şouda iň gowusy» (2000) we «Güýçli şemal» (2003) atly mokýumentari filmlerine gatnaşmagy agzap geçilmäge mynasypdyr. Aktrisa ilkinji «Emmi» baýragyny 1982-nji ýylda «SCTV Network 90» komediýa şüweleňinde ssenariýniň awtory hökmünde alypdy.

O’Haranyň soňky işi Apple TV+ platformasynda görkezilen, Set Rogeniň gatnaşmagyndaky «Studiýa» serialyndaky keşbi boldy. Bu keşbi üçin meşhur aktrisa «Emmi» baýragyna dalaşgär görkezildi.

Ketrin O’Hara 1988-nji ýylda «Bitljus» filminiň surata düşürilýän mahaly tanşan çeper sahna bezegçisi Bo Welş bilen nikada boldy. Olaryň Mettýu we Lýuk atly iki ogly bar.