Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmaklarynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwaly geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu baradaTürkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda bellenildi.
Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň mart aýynda geçiriljek festiwalda ýurduň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahatyň, «Bagşy dessan aýdanda» atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynda geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.