Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, Migrasiýa hakynda, Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutany ýurdy mundan beýläk-de ösdürmekde kabul edilýän kanunlarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Şeýle hem wise-premýerler döwlet Baştutanynyň garamagyna gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilmeli işler boýunça degişli teklipleridir taslamalary hödürlediler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, olar boýunça hödürlenen degişli teklipleri makullap, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.